Ýekejäm lyrics
Ýekejäm lyrics
Seniň keşbiň göz öňümde,
Bolsadyň elmydam ýanymda
Ýürejigim sen diýip urýar,
Gözlerim diňe seni görýär
Diňe seni söýmek üçin
Indim bu owadan dünýä
Ýürejigim seň eliňde,
Duýýar ol seniň söýgüňi
Bile bolaly bir jan, bir ten
Sensiz ýaşap bilmerin men
Ýeke arzuwym bar, bilýärmiň sen?
Ýanymda bol sen, şol maňa ýeter
Bile bolaly bir jan, bir ten
Sensiz ýaşap bilmerin men
Ýeke arzuwym bar, bilýärmiň sen?
Bagtly et sen, şol maňa ýeter
Asmanda aýym bolaý,
Janym hem demim bolaý
Öz gözel görküň bilen
Älemde ýekejäm bolaý
(×2)
Gel ezizim bir-birige
Söýgi sözlerini aýdaly,
Ömürbaky söýjekdigimize
Bu gün wada edeli
Bile bolaly bir jan, bir ten
Sensiz ýaşap bilmerin men
Ýeke arzuwym bar, bilýärmiň sen?
Bagtly et sen, şol maňa ýeter
Bile bolaly bir jan, bir ten
Sensiz ýaşap bilmerin men
Ýeke arzuwym bar, bilýärmiň sen?
Ýanymda bol sen, şol maňa ýeter
Asmanda aýym bolaý,
Janym hem demim bolaý
Öz gözel görküň bilen
Älemde ýekejäm bolaý
(×2)
- Artist:Myahri